logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPDYR ÝURDUMYZ, AÝDYŇ BARÝAN ÝOLUMYZ

BITARAPDYR ÝURDUMYZ, AÝDYŇ BARÝAN ÝOLUMYZ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda «Bitarapdyr ýurdumyz, aýdyň barýan ýolumyz» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden buýsanýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ak ýollardan gün-günden Türkmenistan ýurdumyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, halkyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan her bir işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.