Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdepde “Parahatçylygyň waspy dillerde dessan” atly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlap sesli okaýyş geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni: Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazly äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi diýil belläp geçdi. Şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy begendirdi. Şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesillerimiz, bagtyýar türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň şanly sepgitlerde ýetmekde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Göreldeli okuwçylar birnäçe ýazyjy-şahyrlaryň watanymyzy wasp edip ýazan goşgularyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyny labyzly okap berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda gün-günden gülleýän, bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.