logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«BITARAPLYK AÝDYŇ ÝOLLARA ŞAMÇYRAG» ATLY MASLAHAT

«BITARAPLYK AÝDYŇ ÝOLLARA ŞAMÇYRAG» ATLY MASLAHAT

Ýakynda tutuş ýurdymyzda giňden hem-de dabaraly bellenip geçilen milli bahar baýramy Halkara Nowruz gününde ýurdumyzyň dünýä derejesinde abraýyny hasam artdyran hoş habar ildeşlerimiziň goşa toýuna öwrüldi. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şu hoş habar mynasybetli 2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem «Bitaraplyk aýdyň ýollara şamçyrag» atly maslahat geçirildi.