logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ DAÝANJY

BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ DAÝANJY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bitaraplyk- parahatçylygyň daýanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleri dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen rowaçlanýan gatnaşyklar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, ýer ýüzünde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berýändigi, döwletimiz gysga wagtda dünýäde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde belent abraý–mertebä eýe bolýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.