logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Lebap welaýat kitaphanasy we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda bu ajaýyp medeni ojakda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna bagyşlap «Bitaraplyk-parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen maslahat geçirdiler.

Maslahatda döwletimizde dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň hemişe güýçlenmegi, ilkinji nobatda hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmeklige uly üns berýänligi, onuň alyp barýan daşary syýasaty öňe sürýän teklipleri bilen kesgitlenýär. Biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň, ornunyň ýokary galmagyna, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy we ruhy baýlygy, baý serişdeleri, önümçilik mümkinçilikleri, jemgyýeti demokratizasiýalaşdyrmak giň gerimli özgertmeler ýoly bilen aýgytly öňe barýan döwletiň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösüşi gönüden-göni oňaýly täsir edýär diýip çykyş edenler bellediler. Şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan «Ösüşli ýollara rowana Watan» atly guralan kitap sergisine syn etdiler.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ösüşi, raýatlarymyzyň hukuklarynyň ygtybarly goragynyň üpjün edilmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.