Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Çynar” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.
Ýaş nesiller özleriniň çeken suratlarynda gözel tebigatymyzy, ajaýyp döwrümizi we okan ertekileriniň gahrymanlaryny ussatlyk bilen suratlandyrdylar. Bäsleşikde guwandyryjy netijeleri gazanan çagalar, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirip, sapaly günleri başdan geçirýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Kitap okamaklygyň peýdasy we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplary okamaklygyň çagalaryň aňyna ýetirýän täsirleri dogrusunda kitaphana hünärmeni hem täsirli gürrüňleri berdi.
Bäsleşigimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.