Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Budur bedew batly ýurduň şanlary, Garaşsyz ýurdumyň bagtyýarlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Berkarar Watanmyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da beýgeltmekde uly işleriň alnyp barylýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeldip, behişdi bedewlerimize aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.