Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen “Bal süýji baldan bala” atly söhbetdeşlikde, çaga terbiýesiniň durmuşyň hem-de jemgyýetiň möhüm bölegi bolup durýandygy, ýaş nesli durmuşa ugrukdyrmakda, sözleýiş, özüňi alyp barmak medeniýetini ösdürmekde akyl başarnygyna aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Çaganyň ösüşinde aýdym-saz, sungat, sport möhüm orun eýeleýär. Halk döredijiliginiň çaga durmuşynda tutýan orny uly bolup, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Ertekiler çaganyň diňe bir sözleýşini baýlaşdyrman, eýsem, kämil düşünjäni hem kemala getirýär. Esasan hem, ertekilerdäki gahrymanlar, olaryň ýagşylyklary körpelerde gowy häsiýetleriň döremegine täsir edip, döredijilikli pikirlenmegiň, akyl ýetirmegiň hem-de zähmetiň miwesini emele getirýär- diýip bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.