logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Çagalar edebiýaty bilen tanyşlyk” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän 27-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar edebiýaty bilen tanyşlyk” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu çeper okaýyşda we göçme kitap sergisinde çagalara türkmen ertekileri sesli okalyp berildi. Çagalaryň edep-ekramly bolmagynda kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr.

Çärä gatnaşanlar halkymyzy ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.