logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÇAGALAR HAKYNDA ALADA-RÖWŞEN GELJEGE YNAM

ÇAGALAR HAKYNDA ALADA-RÖWŞEN GELJEGE YNAM

Lebap welaýat kitaphanasynyň «Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän» bölüminiň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 51-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň gatnaşmaklarynda welaýat kitaphanasynyň çagalara niýetlenen otagynda «Çagalar hakynda alada-röwşen geljege ynam» ady bilen çagalar ertirligi geçirildi. Ertekili kitaplardan guralan sergi körpelerde kitaba bolan söýgisini has-da artdyrdy.