logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÇAGALARYŇ ŞATLYGY-DÜNÝÄNIŇ PARAHATLYGY

ÇAGALARYŇ ŞATLYGY-DÜNÝÄNIŇ PARAHATLYGY

Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda «Çagalaryň şatlygy-dünýäniň parahatlygy» ady bilen çagalar ertirligi geçirildi. Körpejeleriň gatnaşmagynda geçirilen çärede çagalar halkara Bitaraplygymyza bagyşlanan goşgulary okap, kitaphana hünärmenleri tarapyndan hem türkmen ertekileriň gahrymanlarynyň gahrymançylyk ýoly barada gürrüňler berildi. Gatnaşyjylar, atalyk aladalaryny edýän türkmen halkynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.