Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kiçi ýaşly okyjylaryň hyzmat ediş bölüminiň Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdep bilen bilelikde «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Çagany ýaşdan, edebi başdan» atly edebi çaga terbiýesiniň özeni hakda gürrüňdeşlik geçirdi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda eşretli zamanamyzda mähriban Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz üçin döredip berýän ägirt uly işlerine köp sag bolsun aýdyp, açylyş sözünden soňra, türkmen halk döredijiliginiň görnüşleri bolan nakyllaryň, ertekileriniň, sanawaçlaryň, tapmaçalaryň üsti bilen köp zatlary öwrenip boljakdygyny, olaryň edep-terbiýede tutýan ornunyň örän uludygyny giňişleýin gürriň berdi. Şeýle-hem mekdebiniň okuwçylaryny öz gezeginde hem öwrenip gelen ajaýyp goşgularyny, nakyllaryny aýdyp berdiler.
Gürrüňdeşligiň soňunda bagtyýar döwründe ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.