logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 32-nji çagalar bakja bagynda “Bagtyýar döwletiň bagtly çagalary” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Çagalara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini beýan etdiler. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň sanynyň artýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Göçme kitap sergisinde çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler, matallar we tapmaçalar ýerleşdirildi.

Çärä gatnaşanlar berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.