Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Çeper sözüň ussatlary–türkmen edebiýatynyň ýubilýarlary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmeniň taryhy, ruhy dünýäsi, ruhy baýlygy türkmen edebiýatynda jemlenip, ýazyjy şahyrlaryň döredijiligi–diňe bir geçmişiň däl, eýsem şu güniň we geljegiň hem ruhy çeşmesi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýazyjy şahyrlaryň şygyrlarynda Watançylyk, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy ýaly gymmatlyklar wasp edilýändigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de ýazyjy-şahyrlaryň ömri döredijiligini, ýazan eserlerini içgin öwrenmek, aýratynam ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihatlary kitaphanalarda yzygiderli alnyp barylýandygy barada aýtdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýan, ussatlarymyzyň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.