logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ÇYN DOST»

«ÇYN DOST»


Iki adam bir-bire şeýle bir dostlaşdylar,

Göýä olaň ýüregi deň urýan deý hamana.

Bir gün makul bilip seýli-seýrana gitmegi,

Sährany synlamaga boldy olar rowana.


Ýolda derýadan geçmek dogry geldi dostlara,

Oturyp bir gämide geçmekçi boldy olar.

Bir zaman tolkun galyp gämini harap etdi,

Birdenkä bu iki dost gämili gark boldular.


Suw ýüzünde şol pursat agyp gidip barýarka,

Olary halas etmäge geldi suwçular derhal.

Dostlaryň birini tutanlarynda, ol diýdi:

«Goý meni, ilki baryp dostumy eýläň halas».


Suwçy baryp, çykarsa oň dostuny,

Ol hem aýtdy: «ilki çykaryň ony».

Gördüňizmi, eziz perzentlerimiz,

Hakyky dostlugyň bu nyşanyny.


 «HOŞLAŞYK SÖZI»

Doglup ösdüm bu Watanda,

Watanym dek ýok jahanda!

Topraklary ösümlikdir,

Tebigaty gülzarlykdyr.


Bir tarapda daglary bar,

Miwesi bol baglary bar.

Daglaryndan känler çykar,

Ýerlerinden däne çykar.


Suwlary bar şerbet-datly,

Miwesi gandu-nabatly.

Baglarynda şirin-şerbet,

Injir, üzüm, enar, armyt.


Daragtlary öser göge,

Başyn götär asman sary.

Howasy jana şypaly,

Çölleri guba çägeli.


Daşkent däldir, daşgant bolar,

Kesekleri bägül bolar.

Jepakeşe hazynadyr,

Ýaltalara tiken bolar.


Gije-gündiz zähmet çeken,

Zähmetkeşiň gadry bilnen.

Öter günler, öter zaman,

Eý, Watanym, jyda bolma!


Men gitsem-de, sen aman bol!

Aman Watan, Watan aman!

                                 Abdulla AWLONIÝ

                   (Terjime eden A. Rejepow)