2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň mugallymlary we talyplary Mary welaýatynda ýerleşýän Daňdanakan galasynda tejribelik okuw sapagyny geçdiler. Talyplar bu ýerde binagärlik bezegleriniň we gurluşynyň aýratynlygyny öwrendiler. Tejribe sapagynyň dowamynda orta asyrlarda duş gelýän bezegleri, olary düzýän geometrik we ösümlik nagyşlary barada täsirli maglumatlar berildi. Sapagyň dowamynda ylmy barlaglary netijesinde 3D skaner görnüşli gural arkaly Juma metjidiniň rejelenen ýagdaýyny öwrenmek hem-de anyk mysallarda çyzgylara geçirmek göz öňünde tutulyp amala aşyryldy. Orta asyrlara degişli Daňdanakan galasynyň Juma metjidiniň gurluşy talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseri ýan kitabyna öwren talyp ýaşlar binagärlik ýadygärlikleriň gurluşyny we bezeg aýratynlyklaryny öwrendiler. Tejribe sapagyň dowamynda talyplar umumy sapaklarda alan nazary bilimlerini tejribäniň üsti bilen berkitmäge mümkinçilik aldylar. Eziz Diýarymyzyň ýaşlaryna okamaga, döretmäge, işlemäge döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ata Watanymyzy ösdürmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.
BILBIL ÇARYÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy