logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DAŞARY ÝURT DILLERINDÄKI ESERLER

DAŞARY ÝURT DILLERINDÄKI ESERLER

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi, «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy bilen bilelikde «Daşary ýurt dillerindäki eserler» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.

Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň dünýä dillerinde neşir edilen nusgalary hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşir edilen kitaplary we çeper eserler ýerleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pelsepewi täzeçiligi bilen okyjylary özüne çekýän kitaplarynyň mähriban halkymyzyň, aýratynda, ýaşlaryň ruhy baýlygyny, Watana, halkymyza bolan söýgüsini artdyrmakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Daşary ýurt dillerindäki neşir edilen eserlere bagyşlanyp gurnalan bu sergä kitaphananyň işgärleri hem-de mugallymlardyr, okuwçylar işjeň gatnaşdylar we olarda uly gyzyklanma döretdi.

Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.