Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge uly üns berýär.
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Bagşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewanyň hem-de Merdan Baýramgeldiýewiň “Dessanlardan aýdyşyklar” ady bilen türkmen halk dessanlardaky aýdyşyk aýdymlaryndan düzülen konserti geçirildi.
Konsertiň başynda “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň müdiri Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýew giriş sözleri bilen çykyş edip, talyplara üstünlik arzuw etdi.
Ýaş bagşylar “Şasenem-Garyp” dessanyndan Senem bilen Garybyň “Ynanman hergiz ynanma” atly aýdyşygyny hem-de Akja bilen Garybyň “Gelsin diýdi” aýdyşygyny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Konsert örän täsirli dowam etdi. Soňra bolsa, “Saýatly-Hemra” dessanyndan Saýathan bilen Aşyk Ahmediň “Bagyňda” atly aýdyşygyny aýtdylar. Konsertiň dowamynda diňe bir halk dessanlaryndan aýdyşyklar aýdylman, eýsem, mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdyşyk aýdymlaryndan hem ýerine ýetirildi.
Konsertiň dowamynda Sahydursyn Mätiýewa “Onda ýar aglar”, Merden Baýramgeldiýew toýy soňlaýjy meşhur aýdymlaryň biri “Balsaýat” ýaly halk aýdymlaryny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň dowamynda șeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, bașlarynyň dik bolmagyny arzuw etdiler.
Sahydurdursyn MÄTIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň II ýyl talyby