TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
20-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy parahatçylyk söýüjiligiň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy bolup durýar. Her ýyl Diplomatik işgärleriň gününiň baýram edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan dünýä giňişliginde alnyp barlan giň möçberli işleriň netijelerini jemlemäge mümkinçilik berýär. Bu gün türkmen diplomatiýasy diňe bir döwlet bähbitlerini goramagyň guraly bolman, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň diplomatik işgärlerine aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Ählumumy howpsuzlyk arhitekturasynyň üýtgäp durýan häzirki şertlerinde döwletimiz “Dialo-parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny işjeň ilerledýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç döwletleriň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler tejribe bilen utgaşdyrylyp, ol geljekki diplomatlara protokolyň we gepleşikleri geçirmegiň inçe tärlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýaş diplomatlar pederlerimiziň parasatly däplerini, sanly tehnologiýalary we häzirki zaman halkara standartlaryny içgin öwrenýärler.
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Guramanyň çäklerinde ýurdumyz ekologiýa, ulag, howpsuzlyk ulgamlarynda köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmeginiň öňbaşçysy boldy. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak, Aral meselesini çözmek boýunça başlangyçlary işjeň ilerledip, sebitiň ekologiýa gün tertibine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Bu bolsa döwletimiziň daşary syýasatynyň jogapkärçilikli we öňdengörüjilikli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi-de wajyp ugur bolup, ol Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen diplomatlary uzak möhletli ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýadyny düzýän ýokary derejedäki duşuşyklary guramakda möhüm orny eýeleýärler. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň diplomatik gullugyndan yzygiderli kämilleşmegi we halkara hyzmatdaşlykda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasy Türkmenistany dünýä ýurtlary bilen baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär.
«Türkmenistan» gazeti