logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«DOST-DOGAN EÝLEÝIP, ÝAKYNY-ÝADY, ARKADAGLY SERDAR, ARKADAG BILE» ATLY KITAP SERGISI

«DOST-DOGAN EÝLEÝIP, ÝAKYNY-ÝADY, ARKADAGLY SERDAR, ARKADAG BILE» ATLY KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi «Dost-dogan eýleýip, ýakyny-ýady, Arkadagly Serdar, Arkadag bile» ady bilen kitap sergisini gurady.

Bu guralan kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan gymmatly eserleri şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda çap bolan dost-doganlyk, parahatçylyk barada ýazylan edebiýatlar goýuldy. Mundan başga-da bu guralan kitap sergisinde Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan kitaplar hem ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.