logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DOST-DOGANLYK GATNAŞYGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, şol ilçihananyň Medeniýet bölüminiň işgäri Bageri Morteza, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň terjimeçisi Dünýägözel Berdigylyjowanyň terjimeçilik etmeginde gezelençde boldylar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, şol ilçihananyň Medeniýet bölüminiň işgäri Bageri Morteza duz-çörek bilen garşy alyndy. Soňra gelen myhmanlar Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň terjimeçisi Dünýägözel Berdigylyjowanyň terjimeçilik etmeginde kitaphana gezelenç etdiler we ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlary” bölüminde ýerleşdirilen pars dilli kitaplaryň we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt dillerinde terjime edilen eserleri bilen tanyş boldylar. Soňra “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyş boldylar. Gezelenjiň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyndan gelen myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy bilen Medeniýet we ylym-bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň pars dilinde terjime edilen nusgasyny pars dilinde neşir edilen 45-e golaý edebiýatlary sowgat berdi. Munuň özi ýurdumyzda dost-doganlyk we halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.