logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dost-doganlyk gatnaşygy – ösüş-özgerişleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ynamly ösüşleriň täze belentliklerine sary öňe barýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem Watanymyzyň her bir gününiň taryhy wakalara beslenýän günlerinde “Dost-doganlyk gatnaşygy – ösüş-özgerişleriň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanyp, daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigi, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle-de, bu iki döwletiň arasynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny has-da berkidip, oňyn gatnaşyklar üçin täze sahypany açýandygy barada söhbetdeşligiň dowamynda nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda hünärmenler zähmet çekýän pudaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny ýokary derejede bellemäge giňden taýýarlyk görülýändigi hakynda bellemek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.