logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖWREBAP LYBASLARDA MILLI ÖWÜŞGÜNLER

Döwrebap bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen ýaşlaryna şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda bilim berilýär. Bu ajaýyp ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler we mümkinçilikler ýaşlara saýlap alan hünärleri boýunça bilim we ylym derejesiniň kämilleşmegine badalga berýär. Zehinli talyp ýaşlarymyzyň ylmy döredijilikde we döwlet bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri diýseň buýsandyryjy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýola goýlan halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ýokary derejede alnyp barylmagy netijesinde häzirki zaman şekillendiriş sungaty uly ösüşlere eýe bolýar. Sungat dünýäsine ykbalyny baglan ynsanlaryň döredýän eserleri her bir adamda ýatdan çykmajak ajaýyp duýgulary galdyrýar. Sungatda beýan edilýän gözelliklerde ýagty geljegiň dünýäsi açylýar.

Sungat dünýäsinde döredijiligini yzygiderli dowam edýän zehinli talyp Jennet Agaýewanyň “Döwrebap lybaslarda milli öwüşginler” atly Milli Bahar baýramyna bagyşlanan döredijilik sergisi halk köpçüligine ýetirildi. Sergide medeniýet hem-de sungat işgärleriniň çykyşlaryna orun berildi. Çykyşlarda zehinli talyp Jennet Agaýewanyň çuň mazmunly döredijilik dünýäsiniň özboluşly aýratynlygy baradaky halypalaryň beýan eden gymmatly pikirleri serginiň ähmiýetini artdyrdy. Suratkeşiň döredijilik eserleriniň goruny baýlaşdyran özboluşly hem gyzykly taslama eserleriniň ençemesi bu sergide giňden ýaýbaňlandyryldy.

Älemgoşaryň nurana reňklerini özünde jemleýän milli lybaslaryň bezeglerinde talyp Jennet Agaýewanyň inçe sungatynyň ussadydygyny ykrar edýär. Ýaş suratkeşiň milli lybaslarynda ene-mamalarymyzdan nesillere nusga galan el keşdeleri, ak gaýmalar döwrebap nusgalar bilen sepleşip gidýär. Ezber on barmagyndan dür dökülýän Jennet Agaýewanyň dürli biçüwdäki milli lybaslarynyň yzy üzülenok. Üýtgeşik nagyşly we nepis bejerilen owadan keşdeler görenleriň höwesini artdyrýar. Lybaslardaky millilik zamanabap geýinmek medeniýeti bilen sazlaşanda lybaslaryň gözelligi has-da artýar. Bu sazlaşyk türkmen zenanlaryň ajaýyp dünýäsini, edebini, näzik duýgularyny belent mertebesini görkezýär.

Zehinli suratkeş Jennet Agaýewanyň döwlet hem-de halkara derejesinde gurnalýan döredijilik duşuşyklaryna, bäsleşiklerine, sergilere öz döredýän eserleri bilen işjeň gatnaşyp, milli sungatymyzyň häzirkizaman ösüşini dünýä tanadýar.

Şemşat HEZRETGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy