logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÜNÝÄ DOLSUN ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli «Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çykyş edenler güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde Çagalary goramagyň Halkara gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär. Biziň türkmen halkymyzda «Bal süýji, baldan bala süýji» diýen ajaýyp nakyl bar. Çagalar hakdaky alada – biziň bagtyýar geljegimiz, aýdyň ertirimiz hakyndaky aladadyr. Çaga – durmuşyň güli. Olar biziň şu günümiz, ertirimiz, geljegimizdir diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.