logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÜNÝÄ DOLSUN ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap derejede bilim almaklary we dynç almaklary üçin örän uly mümkinçilikler we şertler döredilip berilýär. Bu günki günlerde hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göçme kitap sergileri we söhbetdeşlikleri yzygiderli gurnalýar. Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň ýaş hünärmenleri tarapyndan «Çeşme» atly dynç alyş we sagaldyş merkezinde göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de çagalar bilen sorag-jogap alyşyldy. Bu göçme kitap sergisinde türkmen halk döredijiligine degişli birnäçe kitaplar hem-de daşary ýurt dillerindäki ertekiler giňden sergilendi. Bu göçme kitap sergisinde giňden sergilenen kitaplar çagalarda örän uly gyzyklanma we täsir galdyrdy. Bu söhbetdeşligiň ahyrynda çagalar özlerine döredilip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.