Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler kitaphananyň çagalar okalga otagyna gelip, özleri üçin niýetlenen sergini synladylar. Çaga durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaplar bilen ýakyndan tanyşdylar. Kitap tekjelerinde ýerleşdirilen körpeleriň okamagy hem-de diňlemegi gowy görýän eserleriniň biri bolan ertekileri, hekaýalary uly höwes bilen synladylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylarynyň çagalar üçin ýörite ertekili kitaplardan okap beren ertekilerini körpeler uly höwes bilen diňlediler. Türkmen halk ertekileri körpeler üçin örän ähmiýetli bolup durýar. Çünki ertekilerdäki gahrymanlar, olaryň ýagşylyklary ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeginde aýratyn orny eýeleýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar watansöýüji, ilhalar ýaş nesli kemala getirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.