Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja bagynda “Dünýäň syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Bu çagalyk owazy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belentden ýaňlanýar. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli dynç almaklaryna, okamaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendigi hakyndaky gürrüňler şeýle hem çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň goşgularydyr aýdymlary söhbetdeşlige has öwüşgin çaýdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bolsa şeýle ajaýyp döwürde ýaşamaga, işlemäge, okamaga döredip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.