logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dünýäniň bar görki enedir ene

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki "Demirýolçy" çagalar dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyşyny sapaly geçirýän çagalaryň arasynda edebi sazly duşuşyk geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde, Ene mukaddesligini çeper beýan edilişini açyp görkezmek maksady bilen geçiren bu çäre "Dünýäniň bar görki enedir ene" diýilip atlandyryldy.

Türkmen edebiýatyny baýlaşdyran "Enä tagzym, mukaddeslige tagzym" atly ajaýyp eserde enäniň mukaddes Käbä deňelýän enelerimiziň türkmen ojagynda sarpalanyşy, hem-de perzent bilen enäniň arasyndaky päkize gatnaşyklar barada berilen gürrüňler ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy. "Demirýolçy" çagalar dynç alyş merkezinde hereket edýän "Höwesjeň aýdym-saz" gurnagynda gatnap ukyp-başarnyklaryny artdyrýan ýaş nesiller eziz enelerimizi, bagtyýar çagalygy wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary çärämiziň has-da tasirli geçmegine ýardam etdi.

Dabaraly duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz enelerimizi sarpalamagyň, hormatlamagyň nusgalyk mekdebini ýola goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.