logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÜR DÖKÜLÝÄR ASMANDAN BU ZEMINE

Säher bilen mymyk şemal öwüsýär,
Pyntyk ýaran baglar ýaşyl öwüsýär,
Çagajyklar el çarpyşyp towusýar,
Dür dökülýär asmandan bu zemine.
***
Göýä dürüň dänesi deý damjalar,
Ak bulutlar çisňäp, çisňäp damjalar.
Ruhuň tämizlener, kalplar ynjalar,
Dür dökülýär asmandan bu zemine.
***
Baharyň ruh berýän bir jadysy bar,
Baglara guşlaryň jürküldisi ýar,
Şybyr-şybyr, göýä owaz edýär tar,
Dür dökülýär asmandan bu zemine.
***
Ak bulutlar sergezdandyr asmanda,
Gülüň ysy bark urýandyr çar ýanda,
Ynsanlaryň göwnün salyp heýjana,
Dür dökülýär asmandan bu zemine.
***
“Nowruzda geçiniň şahy ezilse”,
Hasylly gelermiş ýyl bu zemine.
Her damjasy ylham berip zehine,
Dür dökülýär asmandan bu zemine.

Ogultäç HOJANAZAROWA