logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Durmuşyň güli, ömrüň dowamy

Dünýä halklarynyň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, her ýylyň 1-nji iýunynda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň ýurdumyzda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslenmegi, ýaş nesil hakynda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr.

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan “Durmuşyň güli, ömrüň dowamy” atly baýramçylyk sergisinde ýerleşdirilen eserler, ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy barada ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň açyp görkezdi. Sergä gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli ynsanperwer başlangyçlaryň ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň röwşen ýoluny şöhlelendirýändigini buýsançly bellediler.

Ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan bu sergide, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly baýlygymyzdyr” diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda durmuşyň güli, ömrüň dowamy bolan mähriban çagalaryň şatlykly gülküleriniň hemişe belentde ýaňlanyp durmagy arzuw edildi.