logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dutarym

Gözbaşyny alyp, çuň gadymyýetden,
Ägirtleň elinde saýran dutarym.
Kirişde gürledip, heňňamlaň syryn,
Şahandaz kalplara ornan dutarym.


Süňňüne siňdirip, sazlaň lemmerin,
Aşyk Aýdyň Piriň, Baba Gammaryň.
Taraşlap, suwlaryň lummur-lummuryn,
Ýürekden-ýürege ýaýan dutarym.


Garajaoglanyň söýgi kelamyn,
Magtymgulyň mahbubyna sowalyn.
Saýlap çäç, harpygyn, sazly ummanyň,
Guwwaslaň tilinde sözlän dutarym.


Gönübegiň ellerinde taplanyp,
«Gökdepe mukamyn» taryha salyp.
Şükür bagşyň ýeňşin owazlandyryp,
Parahat ýaşaýşy ündän dutarym.


Dessana heň berip, Pälwan elinde,
Bilbile öwrülip, Sahy dilinde.
Nagyş deý keşdelän, sazyn köňülde,
Asyrdan-asyra rowan dutarym.


Galkynyp, döwrebap oba-şährinden,
Ylhamlanyp, bagtly Oguz ählinden.
Pederleriň paýhasyndan,pähminden,
Owazasy dünýä ýaýran dutarym.


Saz ojagy


Geçmişi şöhratly Oguz iliniň,
Waspyny belentden söýleden sazda.
Çöşläp syryn ymgyr sähra, çölüniň,
Sessiz sonarlygy gürleden tarda.


Ýere çuň kök uran daragt deýin,
Getirdiň kemala sazanda nesliň.
Heňe püre-pürläp süňňüni seriň,
Jahana tanatdyň, şahandaz aslyň.


Ençe ýyl geçse-de, şine uranyňa,
Owazlaryň kimin kalbyň nowjuwan.
Pasyl çalyşsa-da, göwnüň gojalman.
Ümzügiň nurana geljege rowan.


Goýnuňda gülledip, zehin daragtyn,
Uçurymlaň düzdi, sungatyň sepin.
Bezäp müdimilik taryhyň gatyn,
Döwüre ses goşýar şägirt, halypaň.


Miwe BEKMYRADOWA,
«Medeniýet we syýahat»
žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr.