logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ekitap we okyjylar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda “Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana we teatr işgärleri “ekitabyň” okyjylaryň okamagyna, bilim almagyna, maglumatlary tiz tapmagyna oňaýly täsir edýändigi hakynda söhbet etdiler. Teatr ussatlary bolsa “ekitap” ýüklenen Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, ”Döwlet guşy”, ”Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly gymmatly kitaplaryny, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaplaryny okyjylara audio kitaplary okap berendikleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Häzirki wagtda ekitap.gov.tm salgysyndaky elektron kitaphanadan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sanly kitaphana ulgamydyr. Bu ulgam jemgyýetimiziň kitap okamak medeniýetini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Elektron kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eserleri aýry-aýry bölümlerde ýerleşdirilen. Şeýle hem, okyjylar degişli bölümlerden çeper edebiýatlary, sungat, jemgyýetçilik, tebigy ylymlar we tehnika, dil bilimi, edebiýat, lukmançylyk, taryh, sport, maliýe, ykdysadyýet boýunça kitaplary okap bilerler. Häzirki wagtda Döwlet kitaphanasynda “ekitaba” ýüklenýän kitaplaryň sany barha artýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda okamaga, işlemäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.