logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda “Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde “Ekitap”gov.tm elektron kitaphananyň ähmiýeti hakynda, ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlarynyň kompýuter ýa-da ykjam telefon arkaly saýtda ýerleşdirilen dürli dilde, dürli mowzukdaky kitaplary okap bilýändikleri barada kitaphana işgärleri gürrüň berdiler. Şeýle hem, medeniýet we sungat ussatlarynyň özleriniň ýakymly owazy bilen sesli kitaplary okap, elektron kitaphana öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklary bellenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda teatr artistleri özleriniň seslendiren eserleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.