Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda, kitaphanada Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda, “Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphanaçylar Garaşsyzlyk ýyllarynda kitaphanalarda alnyp barylýan işler we hormatly Prezidentimiziň kitaphana ulgamyny ösdürmekde döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp, Döwlet kitaphanasy tarapyndan döredilen “Ekitap” atly elektron kitaphanasynyň mümkinçilikleri barada söhbet etdiler. Sungat ussatlary bolsa çykyşlarynda, sahna eserlerinde döredýän keşplerinde Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden giňden peýdalanýandyklaryny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk- bagtymyz”, ”Ömrümiň manysy” we “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eserlerini özleriniň ýakymly owazy bilen sesli okandyklaryny buýsanç bilen belläp geçdiler.