logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

EKOLOGIK ABADANÇYLYK – ROWAÇ ÝAŞAÝYŞYŇ KEPILI

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýan günlerinde bellenilen meýilnama esasynda «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ekologik abadançylyk – rowaç ýaşaýyşyň kepili» atly daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlap, aýdym-sazly duşuşyk geçirdi.

Kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada we bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ylmy-amaly maslahatlar we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Ýurdumyzda ekologiýa gününiň giňden bellenilmegi daşky gurşawy goramak meselesine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýändigini hem-de halkymyzda, aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesillerde gözel tebigatymyza bolan söýgüni artdyrmakda ähmiýeti barada hem täsirli gürrüňler edildi. Göçme kitap sergimiz hem ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.