logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ENELER DÜNÝÄNIŇ GÖRKI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Eneler dünýäniň görki» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ene-mähri, ene mukaddesligi hakynda söz açyp, enelerimiziň görüm-göreldesi, terbiýesi durmuşda bize ýörelge bolup, türkmen zenanlary ar-namyslylygyň, merdanalygyň, edep-ekramlylygyň, asyllylygyň mizemez nusgasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwlet jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda zenanlar üstünlikli zähmet çekýändikleri we ykdysady ösüşe mynasyp goşant goşýandyklary, diňe bir jemgyýetimizde däl, eýsem, maşgalada hem perzent ýetişdirmekde, nesil terbiýesinde eneleriň hüwdüsi, mähirli sözi çagalarda ilkinji terbiýäni kemala getirip, perzendi ýetişdirmekde, halallyk, mertlik, ynsanperwerlik hakyndaky ýörelgeleri gursagyna guýmak eneleriň baş maksady bolup durýandygy hakynda aýtdylar. Çäräniň dowamynda birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda zenanlara aýratyn sarpa goýup, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny oňaýly şertler bilen üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.