logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ertekiler dünýäsi

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bagynda “ Ertekiler dünýäsi ” – atly çeper okaýyş geçirdi.

Kitaphananyň hünärmeni çagalara türkmen halk ertekilerden “ Akpamyk ” , “ Jelulym, belulym ”, “ Mämetjan ”, “Ejekejan” ,”Japaklar” , “Tazy we tilki” , “Boýy bir garyş, sakgally iki garyş”, ýaly eserleri okap berdi. Çagalar türkmen halk ertekilerini uly höwes bilen diňlediler. Soňra hünärmenimiz bilen çagalar arasynda gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.