logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ertekiler dünýäsi – açar syrly dünýäni

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 102-nji çagalar bagynda «Ertekiler dünýäsi – açar syrly dünýäni» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakynda atalyk aladalaryň edilýändigi, körpeje çagalaryň ýatkeşligini ösdürmekde, söz baýlygyny artdyrmakda we olaryň düşünjesini baýlaşdyrmakda ertekileriň örän uly ähmiýete eýedigini, çünki ertekiler özünde gyzykly wakalary jemleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergisindäki türkmen halk ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri hakynda sorag-jogap alyşdylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň bilimli-ylymly bolmagy üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.