logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gadamy batly – baky şöhratly bedew

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde “Gadamy batly – baky şöhratly bedew” atly türkmen edebiýatynda bedew atynyň keşbiniň şöhlelendirilişine bagyşlap çeper okaýyş geçirdi. Çärämiziň hormatly myhmanlary “Behişdi ahalteke atlary” žurnalynyň baş redaktory Narly Nuryýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory Baýram Goçmyradow “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly şadessanlarymyzda, “At myrat”, “At münen döwletli bolar”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Atdyr ýigidiň myrady”, “Atym bar – ganatym bar”, “At adamyň ganaty – zeminiň görki” ýaly nakyllarda, dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň “At gazanar goç ýigidiň, owal başda aty gerek” ýaly goşgy setirlerinde bedew atymyza bolan milli garaýyşlaryň öz beýanyny tapyşy barada täsirli gürrüňleri berdiler.
“Dal bedewler, döwrüň uçar ganaty” atly göçme kitap sergisi hem guraldy. Çärämize işjeň gatnaşan okuwçylaryň sahnalaşdyrylan sahna eserleri hem-de olaryň türkmen bedew atlarymyzy wasp edip ýerine ýetiren goşgulary çärämize aýratyn bezeg berdi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň atçylyk pudagy ösdürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.