logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gagamy batly bedewler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Gadamy batly bedewler” ady bilen türkmen halkynyň milli we ruhy gymmatlygy hasaplanýan bedew atlarymyza bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen behişdi bedewlerimiz baradaky kitaplary ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewlerimiz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň buýsanjy ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagyna galýar. Sergimizde goýulan kitaplar okyjylarymyzda uly gyzyklanma döretdi we ahalteke bedewlerimiz barada gerek bolan maglumatlary almaga kömek edýär.
Häzirki wagtda ahalteke bedewlerimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny asylly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.