logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI-ÝOLUMYZA ŞAMÇYRAG

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI-ÝOLUMYZA ŞAMÇYRAG

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri-ýolumyza şamçyrag» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan uly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän döwlet ähmiýetli kitaplary halkymyz üçin gymmatly gollanma. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary türkmen halkymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrüldi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda şeýle gymmatly eserleri türkmen halkyna peşgeş berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.