logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy jemlenen Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de bu kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.