logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri kitaby esasynda

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde okuw-tejribeçilik sapaklaryny geçýän talyplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde taryhymyzy, edebi mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitabynyň ylmy-filosofik eseriniň many-mazmunynda türkmen halkynyň asyrlarboýy döredip gelen halk döredijiliginiň esasy ugry bolan rowaýatlaryň we nakyllaryň aýratyn ornunyň bardygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesilleri ýokary ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer, adamkärçilikli ýaşlar edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyza gymmatly eserlerini peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.