logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY-TERBIÝE MEKDEBI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda «Arkadag» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirdi. dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryn ahlak kämilligini ösdürmekde hem-de milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini berkitmekde möhüm orny eýeleýändigi hakynda täsirli gürrüňler edildi. Eserlerde öňe sürülýän parasatly pikirler ýaşlaryň dünýägaraýyşynyň giňelmegine, olaryn jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyna hem-de Watana wepaly jogapkärli şahsyýetler bolup ýetişmegine itergi berýär. Şeýle-de bu kitaplar ýaslaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrýar, olaryn döredijilik ukyplaryny ösdürýär. Ine şular dogrusynda hem söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňlere orun berildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar geljegimizi gurýan ýaslaryň terbiýesinde mizemez ruhy binýat bolup durýan gymmatly eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.