logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY AJAÝYP KITABYNDAN ÝAZGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”atly ajaýyp kitabyndan ýazgy edildi.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly ajaýyp kitapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olar häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr diýip, nygtadylar.Olar çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň ömrümize bezeg berýän şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.