Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly bu ajaýyp eserinde türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýişi hem-de ýaýraýşy, Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada kitapdan okap berdiler. Şeýle-de bu eser halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi bolup durýandygy hakynda belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.