Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny, äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy» atly kitaby hem türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýar. Şeýle-de kitapda türkmen halkynyň millilige, parahatçylyga bolan söýgüsi, saz-sungaty, özboluşlylygy bilen jemlenendigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.