logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «PAÝHAS ÇEŞMESI» ATLY GYMMATLY KITABY HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitaby hakynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgäri her bir sözi pähim-paýhas ummany,atalar sözi bolan türkmen nakyllarymyzyň her biriniň many-mazmuny barada söhbet etdi. Biziň edebi mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan halk döredijiligimiz olaryň dürli görnüşleri ýagny,matallar, nakyllar,toý aýdymlary, rowaýatlar, ertekiler,halk dessanlary we beýlekiler hakynda hem giňişleýin söhbet etmek bilen,olar halk döredijiliginiň durmuşda,ýaşlary terbiýelemekde örän uly ähmiýetiniň bardygyny giňişleýin nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda öz ynsanperwer syýasaty bilen atlary dünýä dolan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.