Ahal welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Änew şäherindäki medeniýet öýünde Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn baýragyna we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişine bagyşlap kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda Altyn asyr teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bu ýylyň ahalteke bedewleriniň uly ýeňşi bilen başlanmagy onuň iň bir düşümli ýyllaryň biri bolup, Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyndan habar berýär. Sebäbi behişdi bedewlerimiz ösüşiň, gülleýşiň, rysgal-döwletiň, bagtyň, toý-baýramlaryň nyşanydyr, parahatçylygyň ilçileridir diýip belläp geçdiler.
Çykyşlarda Alma gözli, gamyşgulak, durkundan mähir çogup duran, gaýraty, gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan behişdi bedewlerimiz zamananyň ýaz gelşigi, köňül nagşy! Goý, olaryň bizi begendirip, göwün guşumyzy asmana uçurýan ýeňişleriniň höwri köp bolsun! diýip arzuw etdiler.