Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz Hemişelik Bitarap Türkmenistan-bedew batly ösüşleriň ýoly bilen» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýylymyzyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny özünde jemleýän, türkmen bedewi halkymyzyň milli buýsanjynyň nyşany bolup şöhlelenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan ösüşler uly üstünliklere eltýändigi, ýurdumyzda atçylyk sportyny ösdürmek, olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygy barada hem belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerini, abadan hem bagtyýar durmuşyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.